Taýlandda erkek kişi myhmanhananyň bäşinji gatyndan gaçyp, aman galdy diýip, «Asia One» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.
Waka ýurduň Krabi ülkesinde boldy. Singapuryň raýaty «Krabi Seabass» myhmanhanasynda ýerleşeninden birnäçe sagat soňra öz otagynyň penjiresinden aşak gaçdy. Ol ilki plastik üçege gaçdy, soň ýere düşdi. Şeýle belentlikden gaçsa-da, singapurlynyň diňe käbir ýerini sypjyrdandygy aýdylýar.
Ony «Tiz kömek» gullugy lukmançylyk barlagyndan geçirmek üçin hassahana göterdi.
Ejir çekeniň nädip bäşinji gatdan gaçandygy belli däl, ýöne tanşynyň aýtmagyna görä, ol golaýda psihiki hassalyk bilen baglylykda lukmana ýüz tutupdyr.