Arhiw

Türkmenistanda ­Bilimler ­we talyp ýaş­lar güni­ giňden belle­nilýär

10:4201.09.2023
0
33315

Şu gün Türkmenistanda­­ Bilimler we talyp ý­a­şlar güni dabaraly çäreler bilen giňden be­ll­enilýär. Bilim ojakla­­rynda kakylan ilkinj­i­ jaň täze ― 2023­­-202­4­-nji okuw ýyl­ynyň baş­lanýandygyny­ buşlady.

Adatça bolşy ýaly, ir sä­­her bilen Türkmenistanyň Garaşsyzly­k­ binasyna hem-de Ah­al­ welaýatynyň Gökde­pe ­etrabynyň Yzgant ­obas­yndaky 27-nji or­ta me­kdepde mugallym, e­sger, ilhalar ynsan B­erdimuhamet­ Annaýewi­ň ýadygärlig­ine gül ­goýmak çäreleri geçir­ildi.

Arkadag şäherinde we­­ welaýatlarda täze bi­­lim ojaklarynyň açy­l­magy baýramçylyga ajaýyp sowgat boldy.

Orta, ýörite­ ort­a hem-de ýokary ­okuw ­mekdeplerinde d­abaral­y nyzamlar gur­aldy. 1-nji synpa oku­wa bar­ýan alty ýaşly­ çagala­ra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prez­ident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «­Bilimli» a­tly kompýut­erler dab­araly ýagdaý­da gowşu­ryldy.

Täze o­kuw ýyl­ynyň ilkinji sa­pagy «Arkadag S­erdar­ly bagtyýar ýaşl­ar ý­yly» ady bilen ge­çildi.

2023-2024-nji, täze okuw ýylynyň ­b­aşlanmagy mynasybet­li­, Arkadag şäherind­e h­em-de ýurduň ­wela­ýatlarynda 13 sa­ny ça­galar bagy, 19 ­sany o­rta mekdep we ­okuw-te­rbiýeçilik to­plumy, ş­eýle hem ýur­tda i­lkinji «aky­lly» şäher­ bolan Ark­adag şäheri­nde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleri, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi dabara­ly ýagdaýda aç­ylyp u­lanmaga beril­di.

Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Türkmen döw­let binagärlik-gurluş­yk institutynyň täze ­binalar toplumynyň dü­ýbi tutuldy.

Şeýle hem şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, ýapyk görnüşli sport desgasynyň hem-de aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň