Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory M.Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň on sany muzeý hünärmenlerinden ybarat wekiliýeti «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisine gatnaşar. Bu sergi Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde şu ýylyň 6 — 8-nji sentýabry aralygynda geçiriler.
«Ýüpek ýoly» ekspozisiýasynda iki muzeýiň — Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary görkeziler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, Türkmenistanyň bu möhüm halkara çäresine hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň müdiri Çžan Ýunsýa bilen geçirilen duşuşygynda yglan edildi.
Döwlet muzeýiň gaznalarynda saklanýan raritetleriň sergisiniň Nýu-Ýork Metropoliten muzeýinde we Germaniýanyň şäherlerinde hem guralandygyny bellemek gerek.
Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde geçiriljek «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisiniň açylyş dabarasyna 1200-den gowrak hytaýly we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.