Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi kabul edildi

19:1829.08.2023
0
53550

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin ÝB-niň ilçisine hoşallyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, ikitaraplaýyn görnüşde we «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli özara gatnaşyklar barada nygtaldy. Bu barada daşary işler ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu nukdaýnazardan diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Adam hukuklary, parlamentara gepleşikler we «Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan» Bilelikdäki toparyň mejlisiniň çäklerinde yzygiderli çäreleriň möhüm ähmiýeti bellenildi. Bilelikdäki bilim we alyş-çalyş taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny (Erazmus+) durmuşa geçirmegiň gidişi, ekologiýa we «ýaşyl» özgerişler babatynda gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar şeýle hem Merkezi Aziýada dürli sebit maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatynda netijeli hyzmatdaşlygy beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň