Turkmenportal logo
29.08.23
3513235132
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şwarsenegger «Ýyrtyjynyň» täze bölüminde surata düşer

«Olja» filminiň režissýory Den Trahtenberg aktýor Arnold Şwarseneggeriň «Olja-2» filminde surata düşmeginiň mümkindigini habar berdi diýip, «Variety» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.


Režissýor goja aktýor bilen ýene işleşmek isleginiň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.


«Olja» filmi 2022-nji ýylda ekrana çykdy, onda wakalar 1987-nji ýylda surata düşürilen meşhur «Ýyrtyjy» filmindäki wakalardan öň bolup geçýär.


Filmde Şwarsenegger Merkezi Amerikanyň jeňňellerinde adatdan daşary güýçli başga planetaly jandara garşy göreşýär.