Turkmenportal logo
28.08.23
2774927749
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde geçirilen ýaşlar lagerine gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde geçirilen ýaşlar lagerine gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekilleri Daşkentde «Ýaşlar. Deňlik. Gender» (Youth. Equality. Gender) ady bilen geçirilen Merkezi Aziýanyň ýaşlar lagerine gatnaşdylar.


Ýaşlar forumynyň guramaçysy UNFPA-nyň öz sosial ulgamyndaky sahypalarynda paýlaşan maglumatlaryna görä, bu çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlary gatnaşyp, olar forumyň dowamynda reproduktiw saglyk, gender deňligi we jynslaryň arasyndaky deňsizligiň öňüni almak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de bu ugurda tälimçileri taýýarlamak üçin programmalary döretmegi öwrendiler we degişli ugurda metbugatda çykyş etmek boýunça öz sowatlylyklaryny ýokarlandyrdylar.


Mundan başga-da, bilelikdäki duşuşyklarda geljek üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.