Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Nesil» bilim merkezi iňlis dili okuwlaryna güýzki kabul edilişigi yglan edýär

11:2728.08.2023
0
36102

Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Ak Nesil» bilim merkezi 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryny iňlis dilini öwreniş okuwlaryna çagyrýar.

«Ak Nesil» merkezi 2022-nji ýylda açyldy. Ilkibada «Ak Nesilde» iňlis dilini öwretmek usuly 6 ýaşdan 10 ýaşa çenli ýaş öwreniji çagalar üçin niýetlenip işlenip düzüldi. Emma şu ýylyň tomsundan başlap, merkeziň ýaş öwrenijileriniň gerimi ep-esli artdyryldy: 6 — 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsümi guraldy we sentýabr aýyndan 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalar we ýetginjekler kabul edilip başlanýar.

«Ak Nesilde» iňlis dilini öwretmegiň esaslary — Montessori okadyş we terbiýe usulyýetidir, bu ýerde Cambridge University Press okuw materiallary esasynda işlenilýär, sapaklar oýun formasynda hem geçilýär we çagalaryň sosial başarnyklary ösdürilýär, şeýle hem sapaklar dil gurşawyna doly berilmek äheňinde geçilýär.

Sapaklar 8-10 adamdan ybarat kiçi toparlarda we diňlemek arkaly düşünmek endiklerini döretmek, çaganyň daşary ýurt dilinde gürlemegine päsgel berýän psihologiki päsgelçiligi ýeňip geçmek hem-de söz baýlygyny yzygiderli artdyrmak maksady bilen, diňe iňlis dilinde geçilýär. Erkin sapaklar (kartoçkalar bilen işlemek, suratlar hakda pikir alyşmak we ş.m.) sapagyň hereket edýän bölegi (oýunlar, tanslar, aýdymlar) bilen çalşylýar. Mundan başga-da, «Ak Nesil» merkezinde mugallymçylyk ýörelgeleri takyk we ynsanperwer ylymlaryň sintezine esaslanýan STEAM ulgamyna laýyklykda alnyp barylýar (Science — ylym, Technology — tehnologiýa, Engineering — inženerçilik, Arts — sungat we Math — matematika). Bu çemeleşme diňe bir dil endiklerini ösdürmän, eýsem takyk ylymlara bolan gyzyklanmany hem artdyrýar, tehniki dersler boýunça mekdep biliminiň üstüni doly ýetirýär.

«Ak Nesil» merkezi her bir çaganyň zerurlyklaryndan ugur alyp, bilim hyzmatlarynyň aşakdaky bukjalaryny hödürleýär:

1-nji bukja: PRO. Dört sany esasy endigi özleşdirmek — okamak, diňlemek, ýazmak we gürlemek, şeýle-de aýtmak. Okuwyň dowamlylygy 17 hepde, hepdede 3 gezek 2 sagatdan. Bahasy — aýda 1850 manat.

2-nji bukja: MODERN. Dil gurşawyna doly girişmek, STEAM usuly boýunça sapaklar. Okuwyň dowamlylygy: 17 hepde, hepdede 5 gezek 2 sagatdan. STEAM sapaklary — 2 gezek / Iňlis — hepdede 3 gezek. Bukjanyň bahasy aýda 2500 manat.

3-nji bukja: Cambridge YLE. Okamagy, ýazmagy, gepleýşi türgenleşdirmegi toplumlaýyn ösdürmek we Cambridge gollanmasyndan peýdalanmak arkaly audirowaniýe. Bu halkara derejesinde iňlis dilini bilýändigini tassyklaýan Cambridge YLE synagyndan geçmek üçin başarnyklary ösdürmegi maksat edinýär. Okuwyň dowamlylygy 17 hepde, hepdede 5 gezek 2 sagatdan. Bahasy aýda 3300 manada deň.

4-nji bukja: CLIL. Matematika, fizika, biologiýa, sungat ýaly mekdep derslerini düýbünden iňlis dilinde öwrenmek. Okuwyň dowamlylygy 17 hepde, hepdede 5 gezek 2 sagatdan. Bahasy aýda 3900 manada.

Şeýle hem, «Ak Nesil» bilim merkezi mugt synag sapagy we okuw üçin çeýe arzanladyş ulgamy bilen üpjün edýär:

  • bir okuwa (17 hepde) hasaba alnan mahalyňda — 20% arzanladyş;
  • iki çagany hasaba alanyňyzda — 10% arzanladyş;
  • üç çagany hasaba alanyňyzda - 15% arzanladyş.

Şeýle hem birnäçe arzanladyşlary umumylaşdyryp bolýar.

Sapaklar 4-nji sentýabrda başlar.

«Ak Nesil» bilim merkeziniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly (ozalky Podwoýskiý), 129-njy jaý, «Belent» binasy, girelge howludan.

Telefon belgileri: (+993 63) 20 30 30 we (+993 12) 95 50 18.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň