Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi

21:0727.08.2023
0
26203

Russiýadan gelýän ilkinji ýük otlusy Türkmenistan bilen serhetdäki Inçe-Burun serhet geçelgesinden geçip, günortada Saud Arabystanyna barýan ýoldaky «Bandar-Abbasa» tarap ýola düşdi. Muny şenbe güni Golestan welaýatynyň gümrük müdirliginiň baş direktory Şahriýar Şahriýari mälim etdi diýip, «Mehr» habar gullugy habar berdi.

Otly Günorta-Ural demir ýolunyň Çelýabinsk-Gruzowoý stansiýasyndan ýola çykyp, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäklerinden «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesinden geçdi. Düzümi 42 konteýnerden ybarat bolan otly elektrik enjamlaryny we reňkli metallary alyp barýar diýip, çeşme belleýär.

Baş direktoryň bellemegine görä, bu geçelgede harytlary daşamak üçin çykdajylar, gümrük nyrhlarynyň gowulandyrylmagy bilen baglylykda, takmynan, iki esse arzanlady.

Ondan öň Çelýabinsk-Gruzowoý bekedinden «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ugry boýunça Hindistana ilkinji konteýner otlusy iberilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň