Turkmenportal logo
27.08.23
3076230762
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Ahal» Aşgabatda «Nebitçiden» üstün çykdy

Çempionatyň şu möwsümindäki ýeňilmezlik tapgyryny 5 duşuşyga çykaran «Ahal» 16-njy tapgyrda paýtagtdaky «Nusaý» stadionynda Balkanabadyň «Nebitçisinden» 2:0 hasabynda üstün çykdy.


Duşuşykda «Ahalyň» gollaryny Elman Tagaýew bilen Begenç Mämiýew geçirdi.


Bu ýeňişden soň utugyny 16-a çykaran «Ahal» ýaryş tertibinde bäşinji orna beýgeldi. Onuň dördünji orundaky «Köpetdag» bilen arasynda bary-ýogy bir utuklyk tapawut bar. Şeýle hem «Ahal» bu ýeňişden soň üçünji orundaky «Nebitçi» bilen hem aralygyny 9 utuga çenli ýygyrdy.


«Ahal» – «Nebitçi» – 2:0


Gollar: 40 (11 m.j.u.) Elman Tagaýew, 80 Begenç Mämiýew.