Ozal habar berşimiz ýaly, 26-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň gurluşyk işlerini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşlygyň barşynda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda, esasan, saglygy goraýyş, ýeňil senagaty we azyk önümleriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşygy meýilleşdirildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle-de ýerde Arkadag şäheriniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň binasynyň ýerleşjek ýerini kesgitläp berdi. Şunda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň durmuşa giňden ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.