Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şotlandiýada loh-ness jandarynyň gözleg işleri geçiriler

10:3426.08.2023
0
56226

Şotlandiýadaky Loh-Ness kölünde soňky 50 ýylda iň uly gözleg işleri geçiriler, ol kölde ýaşaýan mähnet jandary öwrenmäge bagyşlanar diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Loch Ness Exploration diýlip at berlen barlag toparynyň jandary gözlemek işine şu gün— 26-njy awgustda başlajakdygy aýdylýar we iki günlük gözleg işleri 1972-nji ýyldan bäri iň uly tutum bolar.

Toparyň köli suwuň astyndaky adaty bolmadyk sesleri hasaba alýan ýörite enjamyň kömegi arkaly öwrenjekdigi bellenýär. Şeýle hem gözlegiň dowamynda uçarmansyz enjamlar kameralar arkaly işiň gidişini onlaýn görnüşde görkezerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň