Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan-Palestina parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

20:1125.08.2023
0
25224

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Türkmenistanda saparda bolýan Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi web sahypasynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň çäklerinde Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky daşary syýasatyna aýratyn üns çekildi.

Gepleşikleriň barşynda ministr Riýad al-Maliki Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we onuň alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşykda taraplar geljekde ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, şeýle hem döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak babatda hyzmatdaşlyk etmeklige taýýardyklaryny bellediler diýip, çeşme habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň