Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ýaňlan, Diýarym! – 2023» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

22:1525.08.2023
0
40092

Şu gün «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym! – 2023» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, ol her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýar.

Döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ýurduň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan ýaşlaryň 12-si gatnaşdy.

Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň 6-sy «Ýaňlan, Diýarym! – 2023» telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýeňijiler bäsleşikde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanandyklary üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Ýaňlan, Diýarym! – 2023» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen, şeýle-de ýeňijiniň Diplomy bilen sylaglanyldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri:

Hezretguly Hojageldiýewiç Guldurdyýew,

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy;

Batyr Amanmuhammedowiç Şalarow,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy;

Bagdagül Hanmämmedowna Mämmetgurbanowa,

Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi;

Aýgözel Batyrowa,

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti;

Babajan Azadowiç Rozyýew,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy;

Nurýagdy Garýagdyýewiç Bekiýew,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet merkeziniň akkomponiatory.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň