Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer

14:3125.08.2023
0
54372

Sentýabr aýynda Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň häzirki çempiony «Ahal» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryna girişer. Aziýanyň Futol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçiriljen bije çekişligiň netijelerine görä, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň hemaýatkärligindäki topar yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşynyň «A» toparçasynda Özbegistanyň «Pahtakor», Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» we Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýn» toparlary bilen güýç synanyşar.

Bije çekişlikden soň AFK ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklaryň geçiriljek günlerini hem kesgitledi. Senanama görä, «Ahal» futbol topary yklym ýaryşynyň täze möwsümindäki ilkinji duşuşygyny 19-njy sentýabr güni «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda Saud Arabystanynyň «Al-Feýha» topary bilen geçirer.

Soňky ýyllarda Saud Arabystanyna wekilçilik edýän toparlaryň düzümlerini güýçlendirmek üçin ummasyz serişdeleri sarp edip, dünýä ýyldyzlaryny özüne birleşdirýändigini futbol janköýerleri bilýändir. «Al-Feýha» hem ozal Gresiýanyň PAOK, Belgiýanyň «Standart» toparlarynda çykyş eden Goýko Smirot, Şotlandiýanyň «Reýnjersiniň» we Russiýanyň «Spartagynyň» ozalky hüjümçisi Feşn Sakala, Portugaliýanyň «Bragasynyň» ozalky ýarym goragçysy Rikardo Riller, Serbiýanyň «Srwena Zwezdasynyň» ozalky hüjümçisi Milan Pawkow, Türkiýäniň «Galatasaraýynyň», Angliýanyň «Ewertonynyň», Gresiýanyň «Olimpiakosynyň» ozalky hüjümçisi Genri Onýekuru, Türkiýäniň «Trabzonsporunyň» ozalky hüjümçisi Entoni Nwakaeme, Serbiýanyň milli ýygyndysynyň, Angliýanyň «Nottingem Forestiniň», Portugaliýanyň «Sportinginiň» ozalky derwezeçisi Wladimir Stoýkowiç ýaly dünýä ýyldyzlaryny düzüminde saklaýan güýçli toparlaryň biri. Hatda, ony toparçada «Ahalyň» iň güýçli garşydaşlarynyň biri hasaplap bileris. Türkmen topary yklym ýaryşyna dünýä ýyldyzlaryny Aşgabatda jemlejek jogapkärli duşuşyk bilen girişer.

3-nji oktýabrda geçiriljek ikinji tapgyryň duşuşygynda bolsa «Ahalyň» Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Aýn» toparynyň myhmany bolmagyna garaşylýar. Niderlandly tälimçi Alfred Shlýoderiň şägirtleri ýerli çempionatyň geçen möwsüminde ikinji orna mynasyp bolup, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna çykmaga hukuk gazandylar.

«Ahal» üçünji tapgyryň duşuşygyny hem myhmançylykda geçirer. 24-nji oktýabrda boljak şol duşuşykda Özbegistanyň çempiony «Pahtakor» topary ýurdumyzyň çempionyny kabul eder. «Pahtakoryň» hem Özbegistanyň iň meşhur we iň şöhratly topardygyny aýtmak gerek. 7-nji noýabr güni «Ahal» «Pahtakory» Aşgabatda kabul eder. Şondan soň Serdar Geldiýewiň şägirtleri 28-nji noýabrda Saud Arabystanynda «Al-Feýha» bilen güýç synanyşarlar. «Ahalyň» toparçalaýyn tapgyrda ahyrky duşuşygy 5-nji dekabrda Aşgabatda BAE-niň «Al-Aýn» topary bilen bolar.

Ýeri gelende aýtsak, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 2023 ― 2024-nji ýyllardaky möwsüminiň toparçalaýyn duşuşyklarynyň ählisi 13-nji dekabra çenli tamamlanar. Ýaryşyň 1/8 final duşuşyklary bolsa geljek ýylyň fewral we aprel aýlarynda geçiriler. Bu tapgyra ähli toparçalaryň ýeňijileri hem-de ikinji orny eýelänleriň iň gowy üçüsi gatnaşar. Mahlasy, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň häzirki möwsümi 2024-nji ýylyň 11-nji we 18-nji maýynda geçiriljek final duşuşyklary bilen tamamlanar.

Häzir 40 topary öz içine alýan AFK-nyň Çempionlar ligasy ilkinji gezek güýz ― ýaz ulgamynda geçiriler. Ýaryş indiki möwsümden bolsa 24 topar bilen geçirilip başlanar. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi geljek ýylda dünýäniň klublaýyn çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar. «Ahalyň» bu ýaryşa taryhynda ikinji gezek gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň