Pakistan we Türkmenistan penşenbe güni Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak barada karara geldiler. Bu Pakistanyň Energetika ministrligine salgylanylyp, ýurduň habar beriş serişdeleri tarapyndan habar berildi.
Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçisi Atajan Möwlamow 24-nji awgustda Pakistanyň federal energiýa ministri Muhammet Aly bilen duşuşdy. Taraplar özara gyzyklandyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Muhammet Aly Pakistanyň ykdysadyýetinde gazyň möhüm ornuna ünsi çekdi we ol: «Ýurduň energiýa çeşmelerine bolan islegi sebäpli bu taslamalar işjeň çemeleşmegi talap edýär» diýip belledi. Şeýle hem ministr Pakistanyň TOPH taslamasyna ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşykda taraplar TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gidişine syn bermek üçin iş toparynyň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek barada ylalaşdylar. Ministr: «Taslama dogry ugurda öňe gidýär we öz miwesini berer. Şunuň bilen baglylykda, kabul ediji ýurduň Hökümet şertnamasynyň (HGA) oktýabr aýynda özara ylalaşyk esasynda baglaşylmagyna garaşylýar» diýip belledi. Bu barada «newscentralasia» ýazýar.
Mundan başga-da, Muhammet Aly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji taslamasy boýunça iş toparynyň taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmak baradaky bilelikdäki Meýilnama gol çekişdi. Bu resminama TOPH gaz geçiriji taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýol kartasy bolup hyzmat edýär.