Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurda sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
24-nji awgustda bolan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine üns çekildi. Şunda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar duşuşygyň dowamynda bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garadylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda energetika ulgamynda dürli derejede ozal gazanylan ylalaşyklary we şertnamalary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada pikir alşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Aşgabat sammitiniň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan möhüm meseleler boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň köp ugurlar boýunça dünýä döwletlerine, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlara ibermek işini işjeňleşdirmek barada hem aýratyn durlup geçildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen tebigy gazyny Özbegistana ibermek barada täze şertnama baglaşmak barada ylalaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistan Respublikasynyň energetika ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen hem duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Taraplar bilelikdäki iri düzümleýin, şol sanda energetika geçelgelerini gurmak taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.