Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň täze ilçisi Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysyna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

18:4124.08.2023
0
37947

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky täze bellenilen ilçisi Şadurdy Meredow ýurduň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowa ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.

Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy penşenbe güni Türkmenistanyň täze bellenilen ilçisin Şadurdy Meredowdan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi.

«Soňky ýyllarda özbek-türkmen gatnaşyklarynyň görlüp-eşidilmedik derejede giňelmegine şaýat bolduk. Bu babatda örän köp oňyn netijeleri gazandyk. Ilçiniň biziň ýurdumyzdaky işlerinde üstünlik arzuw edýäris» diýip, Bahtiýor Saidow özüniň Telegram sahypasynda ýazgy paýlaşdy.

Ýeri gelende bellesek, Şadurdy Meredow 31-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işleýärdi.

Türkmenistanyň Özbegistandaky ozalky ilçisi Ýazguly Mämmedow şu ýylyň iýul aýynda ýurtdaky diplomatik işini tamamlapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň