Top.Mail.Ru

Hindistanyň «Chandrayaan-3» enjamy Aýa gondy

17:4424.08.2023
0
28904

Hindistanyň «Chandrayaan-3» gonuş enjamy Aýa baryp ýetdi we ilkinji gezek Aýyň günorta guşaklygynyň etrabynda gondy. Enjamyň gonuşyny ýerli «Bharat TV» teleýaýlymy ýurduň Kosmos barlaglary guramasyna salgylanyp, göni ýaýlymda görkezdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Habarda «Wikram» atly enjamyň Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne usullylyk bilen gonandygy we «Pragýan» tekerli enjamy eltendigi aýdylýar. Şeýlelikde, Hindistan SSSR-den, Birleşen Ştatlardan we Hytaýdan soňra Aýa çykan dördünji, şol sanda Aýyň polýar sebitinde Aý enjamyny gondurmagy başaran ilkinji ýurt boldy.

Hindistanlylaryň enjamyň Aýa baryp ýetmegi ugrunda doga-dileg edendikleri, habary şatlykly garşylandygy aýdylýar.

Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi waka GAR-yň paýtagty Ýohannesburgdaky sammit wagtynda gözegçilik etdi. «Biz şeýle taryhy pursatlary synlaýarkak, buýsanç duýgularyny başdan geçirýäris. Bu Hindistanyň täze şapagydyr» diýip, Modi aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň