Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Jakartada döwlet gullukçylaryny öýlerinde işlemäge borçly etdiler

15:2524.08.2023
0
21103

Indoneziýanyň paýtagtynda döwlet gullukçylarynyň ýarysyna golaýy öýlerinde işläp başladylar. Bu ýerli häkimiýetleriň ýollarda dyknyşyklary we howanyň hapalanmagyny azaltmak barada kabul eden çözgüdi bilen baglydyr diýip, «MIR 24» ýazýar.

Şäheriň gubernatory Heru Budi Hartononyň buýrugyna görä, gullukçylaryň ýarysy öýlerinde işlärler, oktýabryň ahyrynda bolsa, olaryň sany 75 göterime çenli artdyrylar.

Bu görkezme hassahanalaryň, halas ediş we ýangyn gulluklarynyň, jemgyýetçilik ulagy ulgamynyň işgärlerinden beýleki ähli döwlet edaralaryna degişlidir.

10,5 millionlyk ilaty bolan Jakartada soňky günlerde howanyň hili ýaramazlaşdy. Howanyň seljermesini geçirýän Şweýsariýanyň kompaniýasy Jakartany dünýäde iň hapa howaly şäher diýip yglan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň