Güýçli guraklyk sebäpli Panama kanalynda ýüzlerçe gämi hepdeläp dyknyşykda dur diýip, «Habar 24» ýazýar. Muňa ýerli häkimiýetleriň suwy tygşytlamak maksady bilen her gün kanaldan geçýän gämileriň sanyny 32-ä çenli azaltmak baradaky çözgüdi sebäp boldy. Ýagdaý öz gezeginde Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda ýük gatnawlarynyň bahalarynyň 40 göterim gymmatlamagyna getirdi.
Häzir Panamanyň golaýynda ýerleşýän etraplar sebitde soňky 140 ýyldaky iň güýçli guraklygy başdan geçirýärler. Ygallaryň sanynyň görkezijileri bolsa, kadadan 50 göterim azdyr.
Panama kanalyndan deňiz gatnawy ugurlarynyň 140-si geçýär we olar dünýäniň 160 ýurduny birleşdirýär. Kanaldan geçýän harytlar dünýä söwdasynyň 3 göteriminden gowragyny tutýar.