Soňky habarlar

Arhiw

Tälimçileriň PRO derejeli okuwy «Aşgabat» stadionynda dowam etdi

17:4923.08.2023
0
26298

Aşgabat şäherinde geçirilýän AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwynyň ikinji gününiň birinji ýarymynda tälimçiler toparymyz köpugurly «Aşgabat» stadionynyň merkezi meýdanynda UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň hem-de AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadowyň gatnaşmagynda giňişleýin türgenleşik işlerini geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Toparlara bölünen tälimçiler ýaşajyk futbolçylaryň kömegi bilen meýdançada dürli taktiki tilsimleri geçirmäge gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwy 8 moduldan ybarat bolup, onuň birinji hem-de ikinji modullary 2-nji sentýabra çenli dowam eder.

Tälimçilik kursunyň UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň ýolbaşçylygynda geçirilýändigini ýatladýarys. Moldowaly hünärmene bu ugurda ýerli hünärmen, AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow kömekleşýär.

Tälimçilik okuwy nazaryýetdir tejribe sakaklaryny öz içine alyp, oňa ýerli futbol hünärmenleriniň 15-si gatnaşýar.

Olar:

Berdimyrat Nurmyradow – Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki bölüminiň ýolbaşçysy,

Mergen Orazow – Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi,

Mekan Muhammetmyradow – Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi;

Kamil Mingazow – Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi;

Ahmet Agamyradow – Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U23) baş tälimçisi;

Döwletmyrat Annaýew – Türkmenistanyň ýetginjekler (U17) ýygyndysynyň baş tälimçisi;

Ýazguly Hojageldiýew – «Altyn asyr» toparynyň baş tälimçisi;

Maksatmyrat Şamyradow – «Altyn asyr» toparynyň tälimçisi;

Serdar Geldiýew – «Ahal» toparynyň baş tälimçisi;

Eziz Annamuhammedow – «Ahal-2» toparynyň tälimçisi;

Tofik Şukurow – «Köpetdag» toparynyň baş tälimçisi;

Said Seýidow – «Aşgabat» toparynyň baş tälimçisi;

Alibek Sapaýew – «Turan» toparynyň baş tälimçisi;

Rahmanguly Baýlyýew –«Energetik» toparynyň baş tälimçisi;

Hojaahmet Arazow –«Nebitçi» toparynyň baş tälimçisi.

Tälimçilik okuwynyň soňunda bellenilen synaglary üstünlikli tabşyranlarа AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasy gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň