Soňky habarlar

Arhiw

Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin

12:1023.08.2023
0
92964

Düýn geçirilen pleý-off oýunlaryndan soňra AFK Çempionlar ligasynyň 2023-24-nji ýyldaky möwsüminde toparçalaýyn tapgyra gatnaşjak ähli toparlar belli boldy. Türkmen klublarynyň çykyş edýän Günbatar zolagynda düýn Ronaldu, Mane, Brozowiç ýaly ýyldyzly düzüme eýe bolan Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby 89-njy minutdan soňra geçirilen üç goluň hasabynda BAE-niň «Şabab Al-Ahli» toparyny ýeňip ýollanma eýe çykan bolsa, BAE-niň «Şarjasy» Eýranyň «Traktoryny» ýeňip, toparçalaýyn tapgyra ýollanma aldy. Şeýle-de pleý-off tapgyryna gatnaşan iki özbek kluby «AGMK» we «Nawbahor» hem toparçalaýyn tapgyra çykmagy başardy. Olaryň birinjisi myhmançylykda Kataryň «Al-Arabisini», beýlekisi bolsa ýene bir katar kluby «Al-Wakrany» ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, AFK Çempionlar ligasynyň 2023-24-nji ýyldaky möwsüminde Günbatar zolakda toparçalaýyn tapgyra gatnaşjak ähli toparlar belli boldy. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna 24-nji awgustda bije çekiler.

AFK Çempionlar ligasynyň ligasy, 2023-24-nji ýyldaky möwsüm, toparçalaýyn tapgyr üçin bijäniň sebetleri:

Sebet 1: «Al-Ittihad» (Saud Arabystany), «Persepolis» (Eýran), «Al-Sadd» (Katar), «Pahtakor» (Özbegistan), «Al-Hilal» (Saud Arabystany)

Sebet 2: «Sepahan» (Eýran), «Al-Duhail» (Katar), «Nasaf» (Özbegistan), «Al-Faýha» (Saud Arabystany), «Nassaji Mazandaran» (Eýran)

Sebet 3: «Al-Faýsali» (Iordaniýa), «Istiklol» (Täjigistan), «Air Force Club» (Yrak), «AHAL» (TÜRKMENISTAN), «Mumbai City» (Hindistan)

Sebet 4: «Al-Aýn» (BAE), «Al-Nasr» (Saud Arabystany), «Şarja» (BAE), «AGMK» (Özbegistan), «Nawbahor» (Özbegistan).

Ýaryşda Türkmenistana wekilçilik edýän «Ahal» toparçalaýyn tapgyryň bijesine üçünji sebetden gatnaşar. Munuň özi türkmen klubynyň birinji sebetdäki «Al-Ittihad», «Al-Hilal», dördünji sebetdäki «Al-Nasr» ýaly Saud Arabystanynyň toparlarynyň haýsy hem bolsa biri bilen bir toparçadan ýer almak ähtimallygynyň uludygyny görkezýär. Şeýlelikde, şol toparlaryň düzümindäki dünýä belli ýyldyzlaryň — Ronaldunyň, Maneniň, Brozowiçiň (hemmesi «Al-Nasr»), Neýmaryň, Mitrowiçiň, Malkomyň (hemmesi «Al-Hilal»), ýa-da Benzemadyr Kanteniň («Al-Ittihad») AFK Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde Türkmenistana gelmekleri örän hakykata golaý.

Ýeri gelende bellesek, AFK Çempionlar ligasynyň 2023-24-nji ýyldaky möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryna 18-nji sentýabrda badalga berler. Toparçalaýyn tapgyryň ahyrky oýunlary 13-nji dekabrda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň