Turkmenportal logo
22.08.23
5250552505
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Merw» myhmançylykda «Hujandy» ýeňip, AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy

Marynyň «Merw» kluby AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolakdaky saýlamasynyň aýgytlaýjy oýnunda myhmançylykda Täjigistanyň «Hujand» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda geçirilen oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda deňlikde tamamlandy. «Merwiň» düzüminde 54-nji minutda Myrat Ýagşyýew hasaby açan bolsa, 79-njy minutda «Hujandyň» oýunçysy Parwiz Bokiýew hasaby deňledi. Şeýlelikde, gapma-garşylygyň ýeňijisi goşmaça wagtda anyklandy. Has takygy, goşmaça wagtyň ikinji ýarymynda, 114-nji minutda Myrat Öwezmyradow standart pursatda kellesi bilen derwezäni dürs nyşana alyp, «Merwe» ýeňiş getiren goluň awtoryna öwrüldi.


Netijede «Merw» AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolagynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma aldy. Bu tapgyrda ol Täjigistanyň «Rawşan», Türkmenistanyň «Altyn asyr» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» klublary bilen güýç synanyşar.


AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolagynyň toparçalaýyn tapgyry 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabrda tamamlanar. Bu toparçadan indiki tapgyra gatnaşmaga diňe birinji orny eýelän topar hukuk gazanar.