Türkmenistanyň ilçisi Hindistanyň söwda we senagat edarasynda — Millennial India International Chamber of Commerce Industry & Agriculture (MIICCIA) Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde guralan «Merkezi Aziýa sebitindäki işewürlik mümkinçilikleri» atly işewürlik maslahatyna gatnaşdy.
21-nji awgustda bolan maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler, söwda ministrlikleriniň, kiçi we orta telekeçilik bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýerli firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Aşgabat ylalaşygy we Demirgazyk — Günorta halkara ulag we logistika geçelgelerini ösdürmek ýaly iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy belläp geçdi.
Habarda bellenilişi ýaly, ilçi Türkmenistanyň daşky gurşaw meselelerini çözmekde çemeleşmesiniň oňyn mysaly hökmünde, ekologiýa taýdan arassa we sosial taýdan iň ösen tehnologiýalary öz içine alýan, şäher gurşawyny döretmekde öz beýanyny tapan 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylan ilkinji «akylly» Arkadag şäherine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Ilçi çykyşynyň dowamynda iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklara salgylanyp, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda nebitgaz pudagy, ulag we aragatnaşyk, agrosenagat toplumy, himiýa we dokma senagaty, IT tehnologiýalary ýaly ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.