Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Mahabat Hyzmaty»: özboluşly ýadygärlik sowgatlyklary hem-de mahabat önümlerini döredýän dizaýn we poligrafiýa studiýasy

18:4424.08.2023
0
45536

«Mahabat Hyzmaty»: özboluşly ýadygärlik sowgatlyklary hem-de mahabat önümlerini, şeýle-de 3D önümleri döredýän dizaýn we poligrafiýa studiýasydyr.

«Mahabat Hyzmaty» dizaýn we poligrafiýa studiýasy (Creative Advertising) ýadygärlik sowgatlyk önümlerini, telekeçiler, fiziki şahslar hem-de döwlet edaralary üçin gerekli bolan islendik görnüşli mahabat ediş önümleriniň giň gerimli hyzmatlaryny hödürleýär.

Mahabat önümleri we poligrafiýa

«Mahabat Hyzmaty» kartondan wizitkalary, fanerleri we plastikleri, flaýerleri, stikerleri, posterleri, önüm kataloglaryny, tagamnamalary taýýarlamak hem-de bulgur, termos, ruçka, ýandepderçe we beýleki önümlere haryt nyşanynyň şekili ýerleşdirmek hyzmatlaryny ýetirýär. Şeýle-de, bu ýerde daşarky mahabatlary — bannerleri, uly göwrümli harplary we müşderileriň islegine görä beýleki önümleri taýýarladyp bolýar.

Restoranlar we kafeler üçin

Agaç, faner, kragis we beýleki materiallardan «Mahabat Hyzmaty» dürli ölçegdäki uly bolmadyk, kafelerde we restoranlarda uly isleg bildirilýän aksessuarlary öndürýär: olardan bulguryň astyna goýulýan esbap, suşi we steýk üçin gaplar, nobata bellenilendigi barada görkezme esbaby, stoluň nomerleri ýerleşdirilen tabliçkalar, atly we gutlag sözli toperler, tagamnama we çek kitapçalary üçin daşlyklar, tort üçin goýulýan esbap we başga-da müşderiniň islegine görä, köp sanly dürli zatlar bar.

Ýadygärlik sowgatlyklary we haryt nyşanly önümler

«Mahabat Hyzmaty» studiýasynyň hünärmenleri kärhananyň ýa-da edaranyň nyşanyny we adyny ýerleşdirip, dürli görnüşli ýadygärlik sowgatlyklary taýýarlaýarlar:

  • Kanselýariýa esbaplary (ruçkalar, çyzgyçlar, kitaplar üçin bellikler we ş.m);
  • Bulgurlar we termoslar, bulguryň aşagynda goýulýan esbapjyklar;
  • Arça oýunjaklary we öý üçin dizaýnerlik bezegleri;
  • Diwarlyk sagatlar.

Bu ýerde zerurlygyna görä, ähli öndürilen esbaplara grawirowka, UF-çap etme hem-de beýleki usullar bilen ýazgylar ýerleşdirilýär.

Mundan başga-da, studiýanyň hyzmatyndan peýdalanyp küşt oýny üçin agaçdan ýonulyp ýasalan göwrümjiklerden ybarat bolan toplumy ýasadyp bolýar. Göwrümjikleriň, küşt tagtasynyň hem-de gutynyň dizaýny müşderi tarapyndan saýlanyp alynýar.

Beýleki ýadygärlik sowgatlyklar

  • Gutarnyksyz koridor effektli 3D şekiller;
  • Şkatulkalar;
  • Smartfon goýulýanlar;
  • Breloklar;
  • Döredijilikli senenamalar;
  • Stolda goýulýan ýadygärlik arçalar we oýunjaklary;
  • Güller üçin kaşpo;
  • Ýadygärlik sowgatlyk tabliçkalary we magnitler;
  • 3D printerde taýýarlanylan ýadygärlikler.

«Mahabat Hyzmatyň» başga-da ýetirýän köptaraply hyzmatlarynyň hatarynda — dekor predmetlerini ulanmak arkaly studiýada taýýarlanylan interýer dizaýny, 3D çap etme we 3D wizuallaşdyrma bar.

«Mahabat Hyzmaty» studiýasynyň ussalary öz işlerinde lazerli we frezaly kesme usulyndan peýdalanýarlar. Önümleri taýýarlamak üçin hem kartondan we agaçdan plastige we metala çenli dürli hili materiallardan peýdalanylýar. Dizaýnerler islendik örtüge grawirowka, UF çap etme ýaly usullary ulanyp, dürli hili şekilleri, haryt nyşanlaryny ýa-da ýazgylary ýerleşdirmegi teklip edýärler.

Şular bilen birlikde, «Mahabat Hyzmaty» studiýasyna poligrafik önümlere dürli hili formalary ýasamagy hem sargyt edip bolýar. Bu usuly kartondan, MGK gaplardan, mahabat poligrafiýasynyň giň çygrynda hem-de POS materiallar taýýarlanylanda ulanýarlar. Bu standart däl forma bermek usuly amallaryň jemleýji tapgyry bolup, şeýle-de geljekki tehnologik amallar üçin ýarym fabrikatlary taýýarlamak bolup durýar.

«Mahabat Hyzmaty» studiýasynyň hünärmenleri bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 64) 97 62 13; (+993 63) 93 81 82. Şeýle-de studiýanyň sosial media ulgamyndaky sahypasynda teswir goýmak mümkindir.

Sargytlary ýerine ýetirmek müşderi bilen geljekki önümiň dizaýn maketi ylalaşylandan soň, örän gysga möhletiň dowamynda amal edilýär. Harytlaryň tölegi nagt hem-de nagt däl görnüşde tölenip bilner.

  • «Mahabat Hyzmaty» şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 20-nji jaý.
  • Elektron poçta salgysy: creative_advertising_tm@mail.ru.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň