Serbiýaly rowaýaty tennisçi Nowak Jokowiç öz karýerasyndaky 95-nji kubogy gazandy. Has takygy, ol Sinsinnatide geçirilen «Masters» turniriniň finalynda ATP reýtinginiň lideri Karlos Alkarazy 5:7, 7:6, 7:6 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bellemeli tarapy, Karlos Alkaraz ikinji setde matçbolldan peýdalanyp bilmedi we netijede ýeňşi elden giderdi.
Şeýlelikde, Nowak Jokowiç finaldaky ýeňşi arkaly özüniň professional karýerasyndaky titullarynyň sanyny 95-e ýetirdi. Bu ugurda ol diňe Rojer Federerden (103) we Jimmi Konnorsdan (109) yzda galýar.
Şu gün täzelenen ATP reýtinginde hem sanawyň lideri Karlos Alkaraza ep-esli golaýlady. Häzirki wagtda Alkarazyň hasabynda 9815, Jokowiçiň hasabynda bolsa 9795 utuk bar.