«Merwiň» «Hujanda» garşy nähili köýnekçede oýnajakdygy belli boldy

14:2521.08.2023
0
32155

22-nji awgustda — sişenbe güni «Merw» AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolakdaky saýlamasynyň aýgytlaýjy oýnunda «Hujand» bilen duşuşar. «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda geçiriljek oýunda toparlaryň nähili köýnekçede meýdança çykjakdyklary belli boldy.

Witaliý Alikperowdan tälim alýan «Merw» «Hujand» bilen oýunda hem, edil ozalky tapgyrda «Alaý» bilen bolan oýundaky ýaly, sary reňkli köýnekçede meýdança çykar. «Merwiň» derwezeçisi bolsa gara reňkli köýnekçede oýnar. Täjik topary bolsa bu gapma-garşylykda gök reňkli köýnekçede hereket eder.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlanar. Oýna FIFA referisi Ýahýa Ali Mohammad Hassan Al-Mullanyň ýolnaşçylygyndaky BAE-li eminler eminlik ederler.

Eger-de oýnuň esasy wagty deňlikde tamamlansa, toparlar goşmaça wagtda ýeňijini kesgitlemäge synanyşarlar. Goşmaça wagtda hem ýeňiji kesgitlenilmese, onda indiki tapgyra çykjak topar 11 metrlik urgular arkaly anyklanylar.

Jübütiň ýeňijisi ýaryşyň Merkezi zolagynyň toparçalaýyn tapgyryna ýollanma alar. Bu tapgyrda ol Täjigistanyň «Rawşan», Türkmenistanyň «Altyn asyr» we Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» klublary bilen güýç synanyşar.

AFK Kubogy 2023/24-iň Merkezi zolagynyň toparçalaýyn tapgyry 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabrda tamamlanar. Bu toparçadan indiki tapgyra gatnaşmaga diňe birinji orny eýelän topar hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň