Turkmenportal logo
21.08.23
3640536405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwlaryna badalga berildi
Türkmenistanda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwlaryna badalga berildi

Şu gün, 21-nji awgustda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň konferensler zalynda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwyna badalga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Birinji hem-de ikinji modullary 2-nji sentýabra çenli dowam etjek tälimçilik okuwynyň birinji gününde gatnaşyjylar nazaryýet sapaklaryny geçdiler. Okuw sapagy 22-nji awgustda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň merkezi meýdanynda tejribe sapaklary bilen dowam eder.


Tälimçilik kursy UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň ýolbaşçylygynda geçirilýändigini ýatladýarys. Moldowaly hünärmene bu ugurda ýerli hünärmen, AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow kömekleşýär.


Tälimçilik okuwy nazaryýetdir tejribe sakaklaryny öz içine alyp, oňa ýerli tälimçileriň 15-si gatnaşýar (Türkmenistanyň futbol çempionatyna gatnaşýan toparlaryň hem-de ýygyndy toparyň tälimçileri).


Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwy 2023-nji ýylyň 21-nji awgusty bilen 2024-nji ýylyň 31-nji iýuly aralygynda geçiriler. Dört tapgyrda geçiriljek tälimçilik okuwy 8 moduldan ybarat bolar. Onuň ikinji hem-de üçünji modullaryny şu ýylyň dowamynda geçirmeklik meýilleşdirilýär.


Tälimçilik okuwynyň soňunda bellenilen synaglary üstünlikli tabşyranlarа AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasy gowşurylar.