Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawynda «Ahal» ilkinji utuklaryny 14-nji tapgyrda ýitirdi. Düýn topar bu tapgyryň çäginde paýtagtyň «Nusaý» stadionynda «Şagadamy» kabul edip, 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.
Gol duellosy görnüşinde geçen duşuşykda hasaby ilki bilen «Ahaldan» Elman Tagaýew açdy. Birinji ýarymyň ahyrynda «Şagadam» Yhlas Magtymowyň owadan goly bilen ýer eýelerine jogap berdi.
51-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow «Ahaly» ikinji gezek hasapda öňe çykardy. Ýöne şondan 19 minut soňra hüjümçi Pirmyrat Sultanow ozalky toparynyň derwezesine pökgi geçirip, «Şagadama» ikinji aýlawdaky ilkinji utuklaryny getirdi.
Emin Babanazar Haknazarowyň sekiz futbolça sary kart görkezmegi duşuşygyň dartgynly geçendiginiň alamatydyr. Bu duşuşykdan «Ahal» 10, «Şagadam» 8 utuga çykdy. Ýaryş tertibinde «Ahal» ýedinji, «Şagadam» bolsa sekizinji orny eýeleýär.
«Ahal» 15-nji tapgyryň çäginde 23-nji awgustda «Aşgabadyň» myhmany bolar, «Şagadam» bolsa şol gün «Altyn asyry» kabul eder.
«Ahal» – «Şagadam» – 2:2
Gollar: 31 Elman Tagaýew, 51 Ýazgylyç Gurbanow – 45 Yhlas Magtymow, 70 Pirmyrat Sultanow.