Turkmenportal logo
19.08.23
2177121771
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýanyň günortasyny güýçli çabga basdy

Germaniýanyň günortasynda güýçli çabga ýagýar, ýaramaz howa sebäpli otlularyň we şäher ulaglarynyň hereketi bozuldy. Esasan hem, Nýurnberg şäheri ejir çekdi diýip, «Habar 24» ýazýar.


Ýerli polisiýanyň maglumatlaryna görä, şähere uly maddy zyýan ýetdi. Agaçlar ýykyldy, ýerzeminler, köçeler we ýerasty ötükler suwdan doldy. Birnäçe awtoulaglar ýerasty ötüklerde galdy.


Mundan öň güýçli çabga ýurduň Frankfurt şäherini hem basdy. Şäheriň howa menzilinde 90 gatnaw ýatyryldy, 20 uçar gonmak üçin beýleki howa menzillerine ugradyldy.