Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi

15:5418.08.2023
0
34588

Şweýsariýanyň Oba hojalyk boýunça federal edarasynyň alymlary Zeminde janly ýaşaýşyň iň köp jemlenen ýeriniň toprakdygyny kesgitlediler, ol ýerde planetadaky ähli diri organizmleriň 59 göterime golaýy (+-15 göterim) ýaşaýar. Barlaglaryň netijesi «Proceedings of the National Academy of Sciences» (PNAS) žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Hünärmenler öň Ýerde biodürlüligi öwrenmek boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň netijelerini seljerdiler. Olaryň hasaplamalaryna görä, bakteriýalaryň 88, ösümlikleriň 85 we kömelekleriň 90 göterimi topragyň astynda ýaşaýar. Süýdemdirijileriň 6500 görnüşiniň diňe 4 göterime golaýy ýeriň astynda ýaşaýar.

Täze bahalandyrma öňküden iki esse köpdür. Emma alymlar wiruslary hasaba almandyklary sebäpli, ýeriň astynda has köp bedenleriň ýaşaýan bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar. Olar toprakdaky janly-jandarlaryň howanyň üýtgemegine, ählumumy azyk howpsuzlygyna, hatda adam saglygyna täsir edýändigini belleýärler.

Alymlar Ýeriň astynda ýene barlaglary dowam etmek isleýärler, olar öň ylma belli bolmadyk görnüşleriň köp sanlysynyň duşjakdygyna ynanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň