Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Demirgazyk—Günorta» ulag geçelgesinde eksport-import ýükleri üçin nyrhlar arzanlady

11:0518.08.2023
0
25378

«RŽD Logistika» «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ugurlarynda ulaglaryň üstaşyr geçiş wagtyny azaltmak boýunça yzygiderli iş geçirýär we eltip bermek çykdajylaryny azaltmak meselesine aýratyn üns berýär. Muny «RŽD Logistika» paýdarlar jemgyýetiniň konteýner daşamalary boýunça müdiri Aleksandr Siwertsewiň mälim etdi diýip, «newscentralasia.net» habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kompaniýa «Demirgazyk—Günorta» geçelgesiniň üsti bilen eksport-import ýükleriniň bahasyny, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 2 esse arzanlatdy. Kompaniýanyň wekilleri muny uly üstünlik hasaplaýar.

A.Siwertsewiň aýtmagyna görä, birnäçe gün mundan ozal rus ýük daşaýjysy Günorta Ural demir ýolunyň Formaçewo bekedinden dördünji konteýner otlusyny iberdi. Otly ilkinji gezek Akýaýla (Türkmenistan) - Inçeburun (Eýran) serhet geçelgesinden geçer, bu bolsa ýoluň uzaklygyny birnäçe gün gysgaldar.

Täze ugur Günorta Ural demir ýol menzilinden Eýranyň Bandar Abbas deňiz portuna Sarahs serhet geçelgesi arkaly konteýner otlularyny ibermek boýunça hyzmatyň çäginde goşmaça marşrut bolup durýar. Eýýäm her aýda amala aşyrylýan bu hyzmat köp dürli ýüklere gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň