Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi

11:4016.08.2023
0
26675

Ozal hem habar berşimiz ýaly, düýn Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport topumynda ýerli «Merw» AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Gyrgyzystanyň «Alaýyny» kabul edip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda «Merwiň» baş tälimçisi Witaliý Alikperow we futbolçy Şazada Bäşimow dagylar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sowallaryna jogap berdiler:

Witaliý Alikperow:

― Ilki bilen janköýerlerimize hoşallyk bildirýäris. Olar biziň 12-nji oýunçymyza öwrüldiler. Gazanylan ýeňişde janköýerlerimiziň goldawynyň juda uly paýy bar.

Duşuşykda meýilleşdiren oýnumyzy orta goýup bildik. Mümkinçilik dörände amala aşyrylan çalasyn hüjümler netijesini berdi. Görkezen yhlasy üçin futbolçylarymyň ählisine hoşallyk bildirýärin.

― Myrat Ýagşyýewi ikini ýarymda oýundan çykardyňyz? Sebäbini düşündiräýseňiz.

― Myrat bize täzelikde goşuldy. Özüniňem kiçiräk şikesi bar. Heniz doly taýýar däl. Şeýle-de bolsa, biz Myrady synag maksady bilen oýna goýberdik. Indiki duşuşyklarymyz üçin töwekgelçilik etmezlik üçin hem ikinji ýarymda ornuna Toýly Goçnazarowy goýberdik.

― Duşuşyga gatnaşyp bilmedik futbolçylaryňyz hem bardy...

― Hawa, şikes ýaly sebäpler hemme toparda-da bolýar. Bizde-de boldy. Howa şertleri hem juda bir futbol üçin amatly däldi. Her niçik hem bolsa, fiziki taýýarlygymyzy görkezip, ýeňiş gazanyp bildik.

Şazada Bäşimow:

― Menem janköýerlerimize hoşallyk bildirmekden başlamak isleýärin. Tälimçimiziň tabşyryklaryny doly ýerine ýetirmek üçin jan etdik, yhlasymyz ýerine-de düşdi. Goly hem şeýle pursatlaryň birinde geçirdik. Musa Nurnazarow barmaly ýerine wagtynda baryp ýetişdi, yzyndanam men barmalydym. Şeýle-de boldy.

― Goluň çalt geçirilmegi toparyň oýnuna täsir etdi.

― Gynansagam, şeýle boldy. Gola çenli pökgi saklamak artykmaçlygy bizdedi, ýöne soň biraz garşydaşa mümkinçilik berdik. Ýöne tälimçimiziň tabşyryklaryny berk berjaý edip, ýeňşi goramagy başardyk.

― Indiki garşydaş «Hujand» barada pikirleriňiz.

― Maňa «Hujand» bilen bolan ozalky duşuşykara gatnaşmak miýesser edipdi. Güýçli oýunçylary bar. Esasanam hem toparyň hüjüm we ýarym goragy güýçli. Indiki duşuşygymyzda hem elimizden gelenini gaýgyrmarys. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmak üçin yhlas ederis.

Saýlama tapgyrda ýeňiş gazanan «Merw» pleý-off tapgyryndaky duşuşygyny 22-nji awgustda Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň