Ozal hem habar berşimiz ýaly, düýn Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport topumynda ýerli «Merw» AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Gyrgyzystanyň «Alaýyny» kabul edip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda «Alaýyň» baş tälimçisi Aýbek Tatanow şeýle diýdi:
― Ilki bilen «Merwi» gazanan ýeňşi we ýaryşyň nobatdaky tapgyryna çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eger şu gün «Merw» ýeňiş gazanan bolsa, ol bu ýeňşi janköýerleri bilen bile gazandy. Toparymyz Türkmenistanda ozal hem birnäçe duşuşyk geçirdi, ýöne biz şu gezek ýerli topary janköýerleriň güýçli goldawyna şaýat bolduk. «Merw» özüniň şeýle janköýerleriniň bardygyna guwanyp biler.
Duşuşykda tapawutlanmak üçin mümkinçiliklerimiz kän boldy, ýöne bize şowlulyk ýetmedi. Durmuş dowam edýär, indi öňümize ― Gyrgyzystanyň çempionatyndaky duşuşyklarymyza üns bereris.
Käbir sebäplere görä, Türkmenistana doly düzümde gelip bilmedik. Bu bolsa biziň oýnumyza hem täsir etdi.
Saýlama tapgyrda ýeňiş gazanan «Merw» pleý-off tapgyryndaky duşuşygyny 22-nji awgustda Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» bilen geçirer.