Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal welaýatynyň çäginde ulanmaga beriljek täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralaryna ykjam taýýarlyk görülýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ýeri gelende, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän täze, döwrebap bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň arasynda Bäherden etrabynyň Akdepe obasynda gurlan 960 orunlyk orta mekdebiň, Gökdepe etrabynyň Owadandepe we Köpetdag geňeşliklerindäki 640 orunlyk orta mekdepleriň we 320 orunlyk çagalar baglarynyň, Kaka etrabynyň Garahan we Gowşut geňeşliklerindäki 400 orunlyk orta mekdepleriň, Duşak şäherçesindäki 600 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, Tejen etrap merkezindäki 320 orunlyk çagalar bagynyň, şeýle-de Sarahs etrabyndaky Kiçiaga geňeşliginiň Berkarar obasyndaky 600 orunlyk orta mekdebiň bardygyny bellemek gerek.
Döwrebap bilim-terbiýeçilik ojaklarynda gurluşyk işleri tamamlanyp, häzirki wagtda gerekli enjamlary oturtmak we olary açylyş dabarasyna doly derejede taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, 2023-2024-nji okuw ýylyna taýýarlykly barýan Ahal welaýatynyň bilim işgärleri synp otaglaryny döwrebap görkezme, okuw esbaplarydyr degişli serişdeler bilen üpjün etmek, 1-nji synpa okuwa barjak çagalary bellige almak we resminamalary kabul etmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.
Şonuň bilen bir hatarda bilim ojaklarynda pedagog-hünärmenleriň usuly-amaly okuwlaryna we maslahatlaryna ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýat, etrap usuly-amaly okuwlarynyň we maslahatlaryň geçiriljek ýerleri kesgitlenip, olary ýokary guramaçylykly geçirmek üçin degişli şertler döredildi.

