Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönumleri» kärhanasy importyň ornuny tutmaga we öndüren gurluşyk materiallaryny eksport etmäge ähmiýet berýär

10:1316.08.2023
0
37322

Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönumleri» kärhanasy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň iň gadymy kärhanalarynyň biri bolmak bilen, ýurduň gurluşyk pudagynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýär.

Kärhana 1954-nji ýyldan bäri işleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 9-njy ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, zawod gaýtadan abatlanyldy. Bu bolsa onuň ýyllyk taslama kuwwatyny 95 müň m³-e çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk we gurnama işleri üçin 76U seriýaly we 148 seriýaly uly panelli demirbeton önümleri, dürli ölçegdäki «Multikast» demirbeton turbalar toplumy, demirbeton önümleri we berk kerpiçler öndürilýär.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönumleri» kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan şol etrapda 384 maşgala üçin niýetlenen 12 sany 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi.

Kärhana haryt görnüşleriniň möçberini artdyrmaga we önümleriň görnüşini giňeltmäge, importyň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen gurluşyk materiallaryny öndürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönumleri» kärhanasy türkmen gurluşyk pudagynyň wekilleri we daşary ýurtly müşderiler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr.

Zawodyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etraby. Telefon belgileri: (+993 12) 33 35 39; (+993 12) 33 35 46; Faks: (+993 12) 33 49 21.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň