Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola onuň kakasy Ýun Gi Junyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy bu agyr pursatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we onuň maşgala agzalaryna çuňňur duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdiler.
«Yonhap» habarlar neşiriniň ýazmagyna görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň kakasy Ýun Gi Jun 15-nji awgustda 92 ýaşynda aradan çykdy. Ol ýarawsyzlygy sebäpli Seul milli uniwersitetiniň hassahanasyna ýerleşdirilipdir we şol ýerde hem aradan çykypdyr. Onuň jaýlanyş çäresiniň Seulda geçirilmegine garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, 15-nji awgustda Koreýa Respublikasy milli baýramyny — Azat ediş gününi belleýär. Türkmenistanyň bu sene mynasybetli Koreýany gutlandygyny ozal habar beripdik.