Turkmenportal logo
15.08.23
122323122323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Merw» AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň «Alaýyndan» üstün çykdy
«Merw» AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň «Alaýyndan» üstün çykdy

Marynyň «Merw» futbol topary AFK-nyň kubogyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Witaliý Alikperowyň şägirtleri şu gün yklym ýaryşynyň şu gün Mary şäherinde geçirilen saýlama duşuşygynda Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol toparyny kabul edip, 1:0 hasabynda ýeňiş gazandylar.


Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 13-nji minutda Musa Nurnazarow geçirdi.


«Merw» indi ýaryşyň pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň «Hujand» topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk 22-nji awgust güni Täjigistanda geçiriler.


AFK-nyň kubogy ― 2023/24. Saýlama tapgyr


15.08.2023 ý. «Sport toplumy», Mary şäheri. 10070 tomaşaçy.


«Merw» (Türkmenistan) ― «Alaý» (Gyrgyzystan) ― 1:0.


Gol: Musa Nurnazarow, 13.


«Merwiň» düzümi: Merdan Saparow (d, k), Şazada Bäşimow, Ambýar Mahmudow, Azat Orazmuhammedow (80, Maksat Atagarryýew), Döwlet Döwletmyradow, Ýagşysähet Döwletgeldiýew (74, Amangeldi Saparow), Kemal Annamuhammedow, Mukam Nazzyýew (80, Şöhrat Owmadow), Daýanç Durdyýew, Musa Nurnazarow (68, Igor Sekow), Murat Ýakşiýew (46, Toýly Goçnazarow).