Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hindistanyň Garaşsyzlyk güni bellenildi

11:2615.08.2023
0
30709

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Hindistan Respublikasynyň garaşsyzlygynyň 76 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Ilçihananyň çäginde Hindistanyň döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyryldy, ilçi Widhu Pithambaran Nair bolsa Hindistanyň Prezidentiniň bu dabara ýygnananlara ýüzlenmesini okady.

Hindistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilenden soň çäräniň medeni maksatnamasyna geçildi.

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar bermegine görä, bu çärä Türkmenistandaky hindi jemgyýetiniň agzalary, ilçihananyň işgärleriniň maşgalalary we türkmen dostlary gatnaşdy.

Mundan ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Hindistanyň ýolbaşçylaryny we halkyny Respublikanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň