Hytaýyň «Fourier Intelligence» kompaniýasy Emeli aň boýunça iýulyň ahyrynda Şanhaýda geçen bütindünýä maslahatynda (WAIC) ilkinji GR-1 gumanoid-robot bilen tanyşdyrdy.
Bu barada Gonkongyň «Southern China Morning Post» gazetine salgylanýan «Report.az» habar berdi.
Kompaniýa bu robotlary 2023-nji ýylyň ahyrynda köpçülikleýin öndürip başlamakçy we eýýäm 2024-nji ýyla çenli bazara olaryň müňlerçesini çykarmakçy.
GR-1 adam sypatly robot iki aýagynda sagatda 5 kilometr tizlikde hereket etmäge we 50 kilograma çenli ýük götermäge ukyplydyr. Onuň üstünde 2019-njy ýyldan bäri işlenip gelinýär. 2022-nji ýylda işläp düzüjiler ilkinji roboty döretdiler.
«Fourier Intelligence» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Aleks Gunuň aýtmagyna görä, täze robot gartaşan adamlara seretmäge, bilim bermekde we myhmanlary kabul etmekde peýdalanylyp bilner.
Emma alymlar şeýle robotlary sarp ediş bazarynda ýerlemegiň kyn düşjekdigini belleýärler. Sebäbi olaryň bahasy ýüz müňlerçe dollardan ybarat bolup biler.