Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Merw» «Alaýa» garşy sary köýnekçede çykyş eder

17:2314.08.2023
0
31528

Şu gün, 14-nji awgustda Mary şäherindäki “Mary” myhmanhanasynyň konferens zalynda AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde güýç synanyşýan toparlaryň – “Merw” bilen “Alaýyň” resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Merw” topary ýer eýesi hökmünde adaty sary, “Alaý” topary bolsa gök köýnekçede çykyş eder. Ýygnanyşygyň yzysüresi “Mary” myhmanhanasynyň konferens zalynda duşuşyga gatnaşýan toparlaryň baş tälimçileriniň hem-de kapitanlarynyň gatnaşmagynda metbugat ýygnanyşygy geçirildi.

AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde geçiriljek Türkmenistanyň futbol çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi “Merw” bilen Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň wise-çempiony “Alaý” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň 15-nji awgustda Mary şäherindäki “Sport toplumy” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys. Bu duşuşyk 16:30-da başlanar.

Bu duşuşykda Ammar Isam Aşkananyň ýolbaşçylygyndaky kuweýtli eminler topary eminlik eder. Kömekçi eminleriň wezipelerini Abbas Hama Goloum bilen Saýedali M. Saýedali ýerine ýetirerler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini saud arabystanyly Alhunfuş Şukri Hussain, gözegçi emini hindistanly Puruşot Aman Basker, komisary bolsa Waleed Muhammed Musa Taher (BAE) bolar.

“Merw” bilen “Alaý” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi 22-nji awgustda geçen möwsüm Täjigistanyň futbol çempionatyny üçünji orunda tamamlan “Hujand” topary bilen duşuşmaga mümkinçilik alar. AFK-nyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşygy 22-nji awgustda “Hujand” toparynyň stadionynda geçiriler.

AFK-nyň Kubogynyň deslapky hem-de saýlama tapgyrlarynyň duşuşyklary bir oýundan ybarat bolar.

Bu duşuşyklarda ýeňiş gazanan ýagdaýynda “Merw” topary AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik alar. Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr”, Täjigistanyň “Rawşan” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” toparlarynyň AFK-nyň Kubogynyň Merkezi Aziýa sebitinde geçiriljek toparçalaýyn bäsleşigine gönümel gatnaşýandyklaryny bellemek gerek.

AFK-nyň Kubogy-2023/24-iň Merkezi Aziýa sebitindäki toparçalaýyn bäsleşigi şu ýylyň 20-nji sentýabry bilen 14-nji dekabry aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň