Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy

12:4513.08.2023
0
47866

12-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy we degişli düzümleriň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparynyň dowamynda ilki bilen Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahananyň dikeldiş bölümine bardy. Bu ýerde işleýän lukman häzirki döwürde bu bölümde Balkan welaýatyndan gelen Gülsün Gölliýewanyň operasiýadan soňky bejergini alýandygyny habar berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bejergi alýan gyzjagazyň ýanyna baryp, onuň hal-ýagdaýy, saglygy bilen gyzyklandy. Gyzjagazyň ejesi Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, gyzynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edilendigini we operasiýanyň şowly geçip, çagasynyň gün-günden gowulaşýandygyny uly guwanç bilen gürrüň berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow gyzjagazyň operasiýadan soňky dikeldiş döwrüniň netijeli boljakdygyny belläp, munuň üçin ýurtda, şol sanda Arkadag şäheriniň saglyk merkezlerinde ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy we gyzjagaza özüniň sowgadyny gowşurdy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde operasiýa geçirmäge taýýarlyk üçin niýetlenen otagda degişli lukmançylyk hyzmatlaryny alýan Öwezgurt Ýolamanowyň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Oglanjygyň ejesi ogluna operasiýa geçirmek üçin haýyr-sahawat gaznasyna ýüz tutandygyny we onuň haýyşynyň kanagatlandyrylyp, oglunyň operasiýa taýýarlanýandygyny gürrüň berdi. Bu ýerde işleýän lukman oglanjygyň häzirki ýagdaýy, operasiýa taýýarlygyň derejesi barada gürrüň berip, onuň kada laýyk dowam edýändigini aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň we Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri Ý.Işangulyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Şeýle-de täze şäheriň çäginde ýerleşýän Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, merkezde bejergi alýan çagalar, olaryň alýan bejergileriniň netijeleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde işleýän lukman bejergi alýan çagalaryň daýanç, hereket ediş agzalarynyň işini dikeltmek, olaryň doly derejeli hereketini ýola goýmak ugrunda döredilen mümkinçilikler we bölümde oturdylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň