Top.Mail.Ru

«Baharyň on ýedi pursady» 50 ýaşady

22:1612.08.2023
0
21883

«Baharyň on ýedi pursady» atly nusgawy rus filminiň ekranlara çykanyna 50 ýyl doldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Film şeýlebir meşhurlyk gazandy welin, ony premýeradan soňra üç aý geçende, ýene-de görkezdiler.

Filmde sowet aňtawçysy Ştirlisiň keşbini döreden aktýor Wýaçeslaw Tihonow ony kinodaky baş keşbi hasaplamaýandygyny, emma Ýulian Semýonow, Leonid Bronewoý, Ýewgeniý Ýewstigneýew, Tatýana Lioznowa ýaly ussatlar bilen bile surata düşendigi üçin halaýandygyny gürrüň beripdi.

Serialy üç ýylda surata düşürdiler. On ýedi pursat, ýagny iň oňat sowet aňtawçysynyň durmuşyndan we gullugyndan 17 gün barada gürrüň berýän film dessine tomaşaçylaryň göwnünden turdy, oňa uly nesil häzir hem höwes bilen tomaşa edýär diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň