Soňky habarlar

Arhiw

Jeki Çanyň gatnaşan «Karate-oglan» filminiň dowamy surata düşüriler

11:0911.08.2023
0
27579
Jeki Çanyň gatnaşan «Karate-oglan» filminiň dowamy surata düşüriler
Surat: gazeta.ru

«Sony Pictures» kinostudiýasynyň «Karate-oglan» filminiň ikinji bölümi şu güýzde surata düşürilip başlanar. Bu barada «Film & Television Industry Alliance» guramasyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Filmiň surata alnyş işleri Kanadanyň paýtagty Monrealda geçer, taslamada meşhur aktýor Jeki Çan hem surata düşer. Täze «Karate-oglan» filminiň režissýory Jonatan Entwistl bolar.

Birinji filmde 12 ýaşly Dre Parker (Jeýson Smitt) barada gürrüň berilýär, ol Hytaýa maşgalasy bilen göçüp barýar. Haçanda ýerli oglanjyklar ony kemsidenlerinde, jenap Han (Jeki Çan) oňa kung-fu başa-baş söweş sungatyny öwredýär. Täze bölümde Jeýson Smittiň surata düşjekdigi heniz belli däl.

«Sony» studiýasy filmiň 2024-nji ýylyň 7-nji iýunynda ekranlara çykjakdygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň