Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Singapura gutlag hatyny iberdi

10:0809.08.2023
0
39715

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoba, Premýer-ministri Li Sýan Luna hem-de ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy ýollan gutlag hatynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň halklaryň röwşen geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, Türkmenistan bilen Singapur Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmäge ygrarlydygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Halima Ýakoba we Premýer-ministr Li Sýan Luna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Singapur Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň