Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Skechers» haryt nyşanly sport aýakgaplarynyň dükany açyldy

09:1209.08.2023
0
43179

Türkmenistanda ilkinji gezek «Altyn Zaman» söwda merkezinde dünýä belli «Skechers» amerikan haryt nyşanynyň sport aýakgaplarynyň dükany açyldy.

Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary «Skechers» haryt nyşanly sport aýakgaplarynyň aýratynlyklaryna baha berip bilerler. Ýeňillik, topuklaryň ajaýyp şekili, gowulandyrylan daban hereketi, şeýle hem ýatda saklamak täsiri bolan «Memory Foam» petegi «Skechers» sport aýakgaplaryny sport bilen meşgullanmak üçin hem, gündelik geýmek üçin hem ajaýyp aýakgap bolmagyny üpjün edýär.

«Skechers» haryt nyşany tegelek dabany bolan meşhur «Skechers Shape Ups» sport aýakgaplarynyň awtorydyr. Olary döredijileriniň bellemeklerine görä, bu sport aýakgaplary bilen hatda sport zalynda güýç sarp etmän hem horlanyp bilersiňiz. «Skechers Shape Ups» sport aýakgaplaryny mahabatlandyryp çykyş eden haryt nyşanynyň «ýüzleriniň» biri hem meşhur amerikaly işewür zenan, aktrisa we fotomodel Kim Kardaşýandyr.

1992-nji ýyl bu haryt nyşanynyň esaslandyrylan ýyly hasaplanýar. Kompaniýa çalt depginde ösdi, yzly-yzyna özüniň dükanlaryny ilki ABŞ-da, soňra beýleki ýurtlarda açdy. Häzirki wagtda «Skechers» ABŞ-da we bütin dünýäde sport aýakgaplaryny öndürijileriniň iň irileriniň arasynda ilkinji üçlüge girýär.

Aşgabatda «Skechers» haryt nyşanly sport aýakgaplaryny şu salgyda satyn alyp bilersiňiz: Alyşir Nowaýy köç., 100-nji jaý, «Altyn Zaman» SM, 1-nji gat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň