Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä ýurduň Şowi şypahanasynyň çäginde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren ýer süýşgüni zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.