Minnihanow Akdus atly alabaýynyň täze suratyny paýlaşdy

19:0507.08.2023
0
50681

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Akdus atly alabaýynyň täze suratyny resmi sosial sahypasynda ýerleşdirdi.

Suratda it agaçlaryň saýasynda bolup, «Akdusdan tomus ýaly yssy salamlar» diýlip, ýazgy ýazylypdyr.

Suratyň aşagyndaky teswirlerden Akdusyň ilat arasynda aýratyn mähir bilen garşylanýandygyny görmek bolýar.

Akdus heniz kiçijek güjük mahaly, 2021-nji ýylda Rustam Minnihanowa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sowgat berlipdi.

Rustam Minnihanow öz alabaý itiniň suratlaryny köpçülige yzygiderli ýetirip durýar.

Onuň ady tatarça bolup, türkmen diline terjime edilende «Ak dost» diýen manyny berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň