Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Alem Sport apparels and shoes» dükany — durmuş stilini sport we moda hasaplaýanlar üçin

12:5507.08.2023
0
48768

Aşgabatdaky «Berkarar» söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän «Alem Sport apparels and shoes» sport dükany — diňe bir sport geýimleriniň we aýakgaplarynyň satylýan ýeri bolman, eýsem, adamlary sagdyn durmuş ýörelgesine hyjuwlandyrýan ýerdir. Sebäbi dükanyň esasy konsepsiýasy «sport+moda» sazlaşygydyr.

Dükanyň dünýä ýüzünde giňden meşhur bolan «Lotto» italýan brendiniň, şeýle hem «Buka» özbek brendiniň resmi paýlaýjysy bolup durýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem dükandan «Buka», «Under Armour», «Puma», «Nike», «Reebok» we beýleki sport geýimlerini hem-de esbaplaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň önümlerini satyn alyp bilersiňiz.

Köp markaly «Alem Sport apparels and shoes» dükanynyň giň haryt görnüşlerinde dürli sport bilen işjeň türgenleşmek üçin ýokary hilli aýakgaplar, egin-eşikler hem-de aksessuarlar, şeýle hem açyk meýdançalarda we fitnes klubuna gatnamak üçin: sport aýakgaplary, marafon kedler, butslar, ýeňil atletika aýakgaplary, şortlar, sport jalbarlary, ýörite geýimler, köýnekçeler, maýkalar, toplar, başgaplar we ş.m bar. Şeýle hem bu ýerden welosipedleri we skuterleri satyn alyp bilersiňiz.

Şeýle hem alyjylaryň hyzmatyna — harytlaryň ululygyny ölçemek we Aşgabadyň islendik ýerine tölegsiz eltip bermek, welaýatlarda bolsa «gapydan-gapa» ýörelgesi ýerine ýetirilýär. Harytlar üçin töleg nagt we nagt däl görnüşde (bank töleg karty arkaly) amala aşyrylyp bilner.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, B66 dükany;
  • telefon belgileri: (+993 62) 00 66 55; (+993 65) 80 25 52; (+993 12) 46 84 07;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň