Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Alem Sport apparels and shoes» multibrend dükany sport aýakgabyny satyn alanlara sowgat berýär

10:0702.08.2023
0
39761

Tomsuň ahyrky aýynyň göwün göteriji täzelikler bilen hakydalarda galmagy üçin sport geýimleriniň, aýakgaplarynyň hem-de aksessuarlarynyň «Alem Sport apparels and shoes» multibrend dükany özboluşly aksiýa yglan etdi. 1 — 31-nji awgust aralygynda dükandan zenan hem-de erkek sport aýakgaplaryny satyn alan müşderilere köýnekçe sowgat berilýär.

Aksiýanyň dowam edýän günlerinde aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary «Lotto», «Reebok», «Under Armour», «Puma», «Nike», «Bukaboxing» we beýleki öňdebaryjy brendleriň sport aýakgaplaryny amatly bahalardan satyn alyp bilerler.

Original sport aýakgaby özüniň hili, ýokary oňaýlylygy, trend ýörelgelerine kybap gelýän daş görnüşi hem-de geýmäge amatlylygy bilen tapawutlanýar.

«Alem Sport apparels and shoes» «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda, B66 dükanynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 62) 00 66 55; (+993 65) 80 25 52; (+993 12) 46 84 07;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň